Italýan Alplarynda fotosuratçy tötänleýin müňlerçe dinozawr yzlaryna duşdy

  • 21.12.2025 14:42
  • 9.9k+

Italiýanyň milli seýilgähinde bäş kilometrlik ýerde 20 müň töweregi dinozawr yzy tapyldy. Ozal bu ýerde şeýle tapyndy bolmandy diýip, NBC News ýazýar.

Bu ýeri tötänleýin ýabany tebigaty düşürýän fotosuratçy Della Ferrera tapdy. Ol 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeriniň golaýynda ýerleşýär.
Paleontologlar bu yzlaryň hakykydygyny tassyklady. Hünärmenler olaryň ýaşyny 210 mln ýyl diýip hasaplaýar.


Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, yzlar uzyn boýunly iki aýakly ot iýýän haýwanlara degişli bolupdyr. Olaryň uzynlygy 10 metre, agramy bolsa dört tonna çenli ýetipdir. Käbir yzlaryň ini 12 metre barabar; dinozawrlaryň el-aýaklarynda dyrnagyň bolandygy çak edilýär. Tapyndynyň häsiýeti haýwanlaryň süri bolup hereket edendigini we ýolda saklanandygyny görkezýär. 


07.06.2026 20:06
3.2k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......