Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

  • 01.05.2026 17:11
  • 2.4k+

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, bu tapyndyny Dubliniň Triniti-kollejiniň barlagçylary Elizabetta Magnanti we Mark Folkner ýüze çykardy.

Saklanyp galan maglumatlara görä, dokuz setirden ybarat bolan bu senany Uitbi abbatlygynda işlän sowatsyz nortumbriýaly çopan Kedmon düzüpdir. Goşgy VIII asyrda monah Beda Döwletli («iňlis taryhynyň atasy») tarapyndan «Angllaryň halkynyň ybadathana taryhy» atly kitaba girizilip, ýazga geçirilipdir. Ozal gadymy iňlis dilindäki asyl nusga diňe Kembrijde we Sankt-Peterburgda saklanyp galan iki sany iň köne ýazgyda bar diýlip hasaplanýardy.

Italiýanyň demirgazygynda 800-nji we 830-njy ýyllar aralygynda bir monah tarapyndan göçürilen Rim nusgasy gadymylygy boýunça üçünji nusga boldy. Onuň özboluşlylygy — gadymy iňlis dilindäki tekstiň golýazmanyň gyralarynda däl-de, gönüden-göni merkezi böleginde ýerleşdirilmegidir. Tekstde her bir sözden soň nokat goýlupdyr — bu bolsa ýazuwy döwrebap görnüşe golaýlaşdyrýan sözleriň arasynda boşluk goýmagyň ilkinji nusgalarynyň biridir.

«Early Medieval England and its Neighbours» (Cambridge University Press) žurnalynda çap edilen bu açyş kitaphananyň arhiwleriniň sanly ulgama geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Alymlar bu tapyndynyň IX asyrda iňlis diliniň Ýewropadaky abraýynyň artandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.


10.06.2026 08:53
3.2k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....