Gruziýada bugdaýyň 8000 ýyllyk yzlary tapyldy

  • 04.05.2026 18:22
  • 3.2k+

Gruziýada geçirilen arheologik barlaglar mundan 8000 ýyl ozal ýaşap geçen adamlar tarapyndan ekilen bugdaý yzlaryny ýüze çykardy. Bu tapyndy dünýäde çöreklik bugdaýyň gelip çykyşy baradaky ylmy garaýyşlara üýtgeşme girizýär.

Gazuw-agtaryş işlerini Gruziýanyň Milli muzeýiniň hünärmenleri Gadaçrili-Gora we Şulaweris-Gora diýen gadymy obalaryň ýerinde geçirdiler. Hysyrdyly işleriň barşynda gadymy samanly çig kerpijiň içindäki bugdaý sünbülleriniň we ösümlik galyndylarynyň yzlary anyklanyldy.

Bu ýerleriň taryhy mundan 8000–7300 ýyl ozal dowam eden Şulaweri–Şomutepe medeniýetine degişlidir. Şunlukda alymlar çöreklik bugdaý hut Günorta Kawkazda, ýagny Gruziýanyň çäklerinde medeni bugdaýyň ýabany ösümlik bilen tebigy usulda çaknyşmagy netijesinde döräpdir diýen netijä geldiler.

Muzeýiň müdiri Dawid Lordkipanidze: «Biz bu ýerde 8 müň ýyllyk bugdaýyň yzlaryny tapdyk. Birnäçe ýyl ozal bolsa, hut şu ýerlerde şonça ýyllyk çakyrçylygyň yzlaryny-da tapypdyk. Diýmek, Gruziýa çöregiň we çakyryň iň gadymy ojaklarynyň biridir» diýip, öňki barlaglaryň netijelerini hem mysal getirýär.

Paleoetnobotanik Nana Ruşiwili bilen Smitson institutynyň arheology Melinda Zeder hem edil şeýle pikirde. Olar öz gezeklerinde tapyndynyň Gruziýanyň bugdaýy ilkinji bolup eldekileşdiren merkezleriň biridigini subut edýändigini we munuň Günorta Kawkazyň ýerli ilatynyň oýlap tapyjylygynyň we zähmetiniň netijesidigini nygtaýarlar.


düýn 08:53
2.4k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....