Çybynlaryň «adam kastyna çykanyna» 1,8 million ýyl bolupdyr

  • 04.03.2026 16:19
  • 4.7k+

Biologlar mör-möjekleriň DNK-syny seljerip, çybynlaryň adamy çakmak arkaly iýmitlenip başlamagynyň takmynan 1,8 million ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýada ýüze çykandygy baradaky netijä geldiler.

Çybynlar adam üçin iň wehimli mör-möjekler hasaplanylýar. Olar gyzzyrma we beýleki ýokanç keselleri ýaýratmak arkaly her ýyl 600 müňden gowrak adamyň heläk bolmagyna sebäp bolýarlar. Popular Science neşiriniň habar bermegine görä, täze barlaglar çybynlaryň adam gany bilen iýmitlenip başlamaklarynyň şol sebitde adamyň ilkinji ata-babalary bolan gadymy gominidleriň peýda bolan döwrüne gabat gelýändigini görkezdi.

Esasy howpy Anopheles leucosphyrus toparyna degişli çybynlar döredýär. Alymlar bu mör-möjekleriň 38 görnüşiniň DNK-syny öwrenip, möhüm genetik üýtgeşmäniň 2,9 we 1,6 million ýyl mundan ozal, häzirki Borneo, Ýawa, Sumatra we Malaýa ýarym adasynyň çäklerinde dörändigini anykladylar.

Mundan ozal çybynlar beýleki maýmynlaryň gany bilen iýmitlenipdirler. Emma wagtyň geçmegi bilen, olarda gominidleriň bedeniniň ysyny anyklamaga mümkinçilik berýän duýujylyk ösüpdir. Bu bolsa olarda täze «pidalaryň» ugruna çykmak islegini döredipdir.

Barlagçylar bu senäniň sebitde Homo erectus (dik ýöreýän adam) görnüşiniň peýda bolmagy bilen deň gelýändigini belleýärler. Bu açyş çybynlaryň ewolýusiýasyna düşünmek bilen birlikde gadymy adamlaryň ýaşan ýerleri we sany baradaky ylmy maglumatlary hem täzeleýär.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....