Nemes alymlary kepderileriň bagryndaky tebigy GPS-kompasyň syryny anykladylar

  • 01.06.2026 12:01
  • 5.4k+

Germaniýanyň Bonn we Duýsburg-Essen uniwersitetiniň gözlegçileri kepderilerdir gögerçinleriň bagyrda ýerleşen hem özünde demir saklaýan ýörite immun ulgamynyň öwüşginleri arkaly Ýeriň magnit meýdanyndan ugur alyp uçýandyklaryny anykladylar.

Bu ýerde gürrüň makrofaglar barada gidýär. Şeýle öwüşginler tebigy kompasynyň ornuny tutup, guşlara asman bulutly wagty hem öýe barýan ýoly tapmaga mümkinçilik berýär. Köne eristrositleriň weýran bolmagy netijesinde makrofaglarda demir toplanýar. Şonuň esasynda olar superparamagnit aýratynlyklaryna eýe bolýarlar we planetanyň magnit meýdanyna täsir edýärler.

Alymlar munuň hakykatdygyny synag arkaly subut etdiler. Olar kepderileri 20 kilometrden hem uzak aralykdan öz ketegine dolanmagy öwretdiler. Şonda bagryndaky makrofaglary aýrylan guşlar asman bulutly günlerde ugurlaryny ýitirdiler. Açyk howaly günde bolsa olar Güne seredip, ýoly derrew tapmagy başardylar. Bu ýagdaý guşlaryň ugur tapmakda bir wagtda iki sany usuldan: magnit meýdanyndan we Günüň ýerleşýän ýerinden peýdalanýandyklaryny görkezýär.

Bonn uniwersitetiniň immunologiýa işgäri we ylmy gözlegleriň awtorlarynyň biri Kliwiýa Lisowski: «Kepderiler uçan wagty, nanobölejikler magnit meýdanyna görä hatara düzülýärler we magnitlenýärler. Şeýlelikde, kepderiler Ýeriň magnit meýdanyny duýup bilýärler» diýip, bu açyşy düşündirýär.

Demre baý bolan makrofaglar nerw süýümlerine diýseň ýakyn ýerleşýärler, bu bolsa maglumaty göni beýnä geçirmäge şert döredýär. Täze açyş diňe bir haýwanlaryň ugur tapyşyny düşündirmek üçin däl, eýsem immunologiýa üçin hem örän ähmiýetlidir. Çünki ol mmun ulgamynyň daşky gurşawyň duýduryşlaryny kabul etmek ukybyny öwrenýän «immunosensorika» ugruna täze bir badalga berýär.


şu gün 12:41
422

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
759

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.2k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......