Drezdeniň golaýynda 3300 ýyllyk bürünç hazyna tapyldy

  • 01.05.2026 11:25
  • 4.1k+

Drezdeniň golaýyndaky Wilsdorf sebitinde taryhy 3300 ýyla barabar bolan bürünç şaý-sepler tapyldy. Bu gymmatly tapyndyny Ronald Meissner atly höwesjeň arheolog ýüze çykardy.

Arkeonews žurnalynyň habar bermegine görä, täze açyş bürünç eýýamynyň durmuşyny öňkä görä has giňişleýin göz öňüne getirmäge mümkinçilik berer.

Umumy agramy 800 gramdan gowrak bolan bu toplum,ussatlyk bilen ýasalan alty sany halkadan we bir bölekden ybaratdyr. Hünärmenler tapyndyny soňky bürünç eýýamyna mahsus bolan adaty hazyna hökmünde häsiýetlendirýärler. Tapylan zatlaryň arasynda uçlary bezelen iki sany burum-burum görnüşli bilezik we gyýak nagyşly dört sany aýak halkasy bar.

Arheologlaryň çaklamagyna görä, bu hazynanyň gorkuly pursatda gizlenilen baýlyk bolman, dini ýa-da dabaraly maksatlar bilen ýörite gömlüp, haýsydyr bir güýjüň hatyrasyna berlen «gurban» bolmagy ähtimal. Şol döwürde şeýle şaý-sepler bezeg bolmak bilen birlikde, eýesiniň jemgyýetdäki ýokary derejesini we gurbuny aňladýan nyşan hasaplanypdyr.

Şeýle-de Saksoniýanyň döwlet arheology, doktor Regina Smolnik bu tapyndynyň gadymy adamlaryň metal işlemekde näderejede ussat bolandygyny görkezýändigini belleýär.

Bu açyşda iň wajyp zat, tapyndynyň saklanyp galmagydyr. Meýletinçi Ronald Meissneriň tapyndyny özbaşdak gazyp çykarman, derrew hünärmenlere habar bermegi, arheologlara tapyndynyň ýerleşýän ýerini we taryhy gurşawyny dogry resmileşdirmäge şert döretdi.

Häzirki wagtda hünärmenler şaý-sepleri arassalap, restawrasiýa edýärler. Soňra olar ilik-düwme öwrenilip, taryhy gymmatlyk hökmünde muzeý eksponatlarynyň hataryna goşular.


düýn 08:53
3.1k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....