Arheologlar Keniýada 2,7 million ýyl ozal ýasalan «şweýsar pyçaklaryny» tapdylar

  • 10.11.2025 13:14
  • 5.8k+

Arheologlar Keniýadaky Turkana basseýniniň töwereginde takmynan 2,75–2,44 million ýyl öňe degişli daş gurallary tapdylar. Bu gadymy gurallar olduwaý medeniýetine degişli bolup, irki adamlaryň häzirkizaman «şweýsar pyçaklary» ýaly köp funksiýaly ulanyş gurallary hökmünde hyzmat edipdir diýip, ScienceDaily ýazýar.

Barlagyň görkezmegine görä, takmynan, 300 müň ýylyň dowamynda gadymy hominidler hatda yzygiderli tokaý ýangynlaryna, güýçli guraklyklara we daşky gurşawdaky üýtgeşmelere garamazdan, bu görnüşdäki gurallary döretmegi dowam etdiripdirler. Gurallaryň gurluşynyň birmeňzeşligi tehniki endikleriň ululardan kiçilere geçirilendigini, ýagny durnukly medeni däbiň emele gelendigini tassyklaýar.

«Biz diňe bir wagtlaýyn täzelik däl-de, nesilden-nesle geçirilýän tehniki endikleriň durnukly medeni däbini ýüze çykardyk» diýip, taslamanyň ýolbaşçysy, Jorj Waşington Uniwersitetiniň antropologiýa professory Deýwid R. Braun aýtdy.

Ylmy topar wulkan külüniň wagt boýunça datirleme usullaryny, toprakdaky magnit anomaliýalarynyň seljerilmesini, dag jynslarynyň himiki düzümini we ösümlik galyndylaryny öwrenip, ekologiýa taryhyny dikeldipdir. Bu usullar arkaly gurallaryň ýasalmagy bilen klimatik üýtgeşmeler arasyndaky baglanyşyk yzarlanandyr.
Köp maksatly gurallaryň döredilmegi irki adamlara daşky şertlere uýgunlaşmaga, iýmitine et goşup, tebigatyň kyn şertlerinde ýaşamaga mümkinçilik beripdir. Şeýle endikler soňky tehniki ösüşleriň we açyşlaryň binýadyny düzdi.


13.06.2026 12:29
5.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......