Şotlandiýanyň kenarlarynda Makdonaldlar urugynyň orta asyr galasynyň galyndylary tapyldy

  • 21.09.2025 21:24
  • 4.8k+

Arheologlar Şotlandiýanyň günbatar kenarynda ýitirilen diýlip hasaplanan orta asyr galasyny we patyşalyk köşgüni tapdy. Açyş Makdonaldlar urugynyň galasy baradaky rowaýatlaryň hakykatdygyny tassyklady diýip, BBC News habar berýär.

Tapyndy Gebrid arhipelagynyň Aýla adasyndaky Finlagganyň çäklerinde ýüze çykaryldy. Bu taryhçylaryň we arheologlaryň 30 ýyldan gowrak dowam eden gözlegleriniň netijesi boldy.
Gala Makdonaldlar urugynyň ata-babalary tarapyndan XII-XIII asyrlarda gurlupdyr. Iki ýüz ýyldan soň olaryň nesilleriniň täsiri ýokary derejä ýetýär we olar Adalaryň lordlary titulyny alýar. Şeýlelik bilen, olar Şotlandiýanyň hem Angliýanyň patyşalary bilen bäsleşip başlaýar.


Binagärlik toplumy köldäki iki sany kiçi adada ýerleşipdir. Olaryň birinde ýaşaýyş otaglary bilen uly daşdan diň, beýlekisinde bolsa howlular, aşhanalar, ussahanalar we meýlis zaly ýerleşipdir. Diň baýlygyň we hökmürowanlygyň nyşany bolup, öz gerimi boýunça Britaniýadaky we Irlandiýadaky iňlis-fransuz monarhlarynyň binalary bilen deňleşipdir. Bu onuň eýeleriniň ýokary statusynyň bolandygyny görkezýär.
Takmynan, XIV asyrda gadymy gala sökülip, onuň deregine täze köşk galdyrylypdyr. Hut şol ýerden Adalaryň lordlary Gebridleri, Argaýly we demirgazyk-günbatar Haýlendiň bir bölegini dolandyrypdyr.


13.06.2026 12:29
5.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......