Müsürde Kleopatranyň döwrüniň suw basan porty tapyldy

  • 24.09.2025 10:48
  • 4.9k+

Müsürde Dominikan missiýasynyň arheologlary Kleopatranyň döwrüne degişli suw basan portuň yzlaryny tapdylar diýip, National Geographic habar berýär.

Alymlar gazuw-agtaryş işleri wagtynda daş we metal labyrlary, gadymy amforalary we içerki portuň galyndylaryny tapdylar. Taposiris Magna ybadathanasyny deňiz bilen birikdiren ötük aýratyn gyzyklanma döredýär. Missiýanyň ýolbaşçysy doktor Ketlin Martinesiň pikirine görä, ybadathana Mark Antoniý bilen Kleopatra gubur hökmünde saýlanan bolmagy mümkin. Bu açyş mazary geljekde-de barlaglar geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýe edýär.
Arheologlar ozal hem Türkiýäniň kenarlaryny öwrenipdiler we gadymy adamlaryň Afrikadan Ýewropa göçüşliginiň şu sebitiň üstünden geçip biljekdigini anyklapdylar. Pleýstosen döwründe suwuň derejesi häzirki döwürden takmynan 100 metr pes bolupdyr we açylan 138 daş obýekt kenarýakada gadymy adamlaryň ýaşap geçendigini tassyklaýar.


07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....