Müsürde dünýäniň bir siwilizasiýa bagyşlanan iň uly muzeýi açylýar

  • 31.10.2025 21:40
  • 8.5k+

Dubliniň Heneghan Peng Architects binagärlik býurosy Gizadaky Uly Müsür muzeýiniň gurluşygynyň taslama yglan edilenden otuz ýyldan gowrak wagtdan soň doly tamamlanandygyny habar berdi.

Muzeý Giza piramidalarynyň golaýynda 500 000 inedördül metr meýdanda ýerleşýär we köpüsi ozal köpçülige görkezilmedik faraonlar döwrüniň 100 000-den gowrak artefaktyny jemleýär. Ähli gatlar bilen binanyň umumy meýdany 81 000 inedördül metre barabar. Binagärleriň aýtmagyna görä, bu dünýäde diňe bir siwilizasiýasyna bagyşlanan iň uly muzeýdir.
Muzeýiň üstündäki işler 1992-nji ýylda Prezident Hosni Mubarakyň tabşyrygy boýunça başlady, ol muzeý üçin piramidalardan iki kilometr uzaklykda ýer bölüp berdi. 2002-nji ýylda taslamanyň düýbi tutuldy. 2003-nji ýylda bolsa Heneghan Peng Architects býurosy muzeýiň taslamasy üçin halkara bäsleşikde ýeňiş gazandy, inženerlik bölegini Arup we Buro Happold britan kompaniýalary üpjün etdi. Gurluşyk işleri 2005-nji ýylda başlady.
Ilkibaşda açyş 2018-nji ýyla meýilleşdirilipdi, ýöne syýasy we ykdysady kynçylyklar, soňra COVID-19 pandemiýasy sebäpli möhlet yza süýşürildi. Muzeý 2024-nji ýylda bölekleýin açyldy. Onuň myhmanlar üçin doly açylyşy 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda bolar. 


07.06.2026 20:06
3.3k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....