Hytaýda 2200 ýyldan gowrak ozal gaýada oýulyp ýazylan ýazgy tapyldy

  • 18.09.2025 13:47
  • 8.7k+

Hytaýda arheologlar ilkinji merkezleşdirilen imperiýanyň döreýiş eýýamy barada täze maglumatlary berýän özboluşly tapyndy barada habar berildi. Sinhua agentliginiň maglumatlaryna görä, Sinhaý welaýatynyň demirgazygynda, Golog-Tibet awtonom okrugynda, Gýaring-So kölüniň golaýyndaky gaýada gadymy ýazgy tapyldy.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, tekst 2200 ýyldan gowrak ozal, Sin nesilşalygy döwründe (b.e.öň 221-207-nji ýyllar) oýulyp ýazylypdyr. Tapyndynyň özboluşlylygy onuň başga sebitlere geçirilen böleklerde däl-de, öz döredilen ýerinde saklanan şol döwrüň ýeke-täk belli ýazgysy bolmagydyr.
Gaýa deňiz derejesinden 4200 metrden gowrak beýiklikde ýerleşýär, bu hem ýadygärligiň gowy saklanmagyna ýardam eden bolmaly. Ierogliflere wagtyň geçmegi bilen bölekleýin zyýan ýeten bolsa-da, tekstiň köp bölegi, şol sanda ýazylan senesi okamak üçin düşnüklidir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, açyş taryhy çeşmelerdäki boşluklary doldurmak bilen, ylmy we medeni ähmiýete eýe.
Sin nesilşalygy özüni ilkinji bolup Hytaýyň imperatory diýip yglan eden we taryha Sin Şihuandi hökmünde giren hökümdar In Çžen tarapyndan esaslandyryldy. Onuň hökümdarlygy öwrülişik pursaty boldy: Hytaýda uly özgertmeler geçirildi – ýazuw bir nusga getirildi, umumy ölçegler we agramlar girizildi, bir umumy walýuta we täze administratiw ulgam döredildi. Bu ädimler Hytaý döwletiniň esasyny goýdy.
Arheologlaryň pikiriçe, Sinhaýdaky ýazgy şol döwrüň gymmatly subutnamasy bolup, Sin imperiýasynyň Hytaýyň soňky ösüşine ýetiren uly täsirini tassyklaýar.


şu gün 11:17
2.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
722

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....