Hytaýda ekizleriň halkara festiwaly geçirilýär

  • 06.05.2026 09:23
  • 4.7k+

Hytaýyň Ýunnan prowinsiýasynyň Moszýan-Hani awtonom uezdinde dünýäniň 20 ýurdundan gelen müňden gowrak ekiztaýlary birleşdirýän «Tropik Raka» atly köpöwüşginli halkara festiwaly başlandy.

Dürli klimat guşaklarynyň birleşýän ýeri bolan Demirgazyk tropik çyzygynyň ugrunda ýerleşýän Moszýan uezdi gadymdan bäri «ekizleriň watany» hökmünde tanalýar. Bu ýerde ekizleriň dünýä inme derejesi ortaça dünýä görkezijilerinden dört esse ýokarydyr. Şu täsin aýratynlyk hem bu künjekde syýahatçylygyň batly depgin bilen ösmegine uly itergi berdi.

Festiwalyň maksatnamasyna «bile doglanlaryň» ýörişi, milli tanslar we açyk asmanyň astynda müňe golaý saçak ýazylyp, milli tagamlaryň hödürlenýän meşhur «uzyn köçe banketi» ýaly çäreler girýär. Daşary ýurtly myhmanlaryň we uly şäherlerden gelen syýahatçylaryň aýtmagyna görä, özboluşly medeniýeti we etnik aýratynlygy bolan kiçi şäherler dynç almak üçin barha gyzykly ýerlere öwrülip barýar.

Şeýle ähmiýetli çäreleriň ösdürilmegi sanlarda hem öz beýanyny tapýar: Moszýana gelýän ýyllyk syýahatçylyk akymy 2021-nji ýyldaky 2 million adamdan 2025-nji ýylda 6,5 million adama çenli ýokarlandy.

Uezdiň Medeniýet we syýahatçylyk müdirýetiniň direktorynyň orunbasary Çen Linçao häkimiýetleriň myhmanlar üçin ýylyň dowamynda festiwaldan parçalary elýeterli etmegi meýilleşdirýändiklerini we şol bir wagtyň özünde infrastruktura we hyzmat ediş hiline aýratyn üns beriljekdigini mälim etdi.


28.05.2026 21:19
4k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

10.05.2026 13:00
12k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......