Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

  • 22.05.2026 14:33
  • 6.3k+

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň beýanatyna salgylanyp habar bermegine görä, Hytaý üçin ýaryşy görkezmek hukugynyň bahasy 60 million dollara barabar boldy.

Ylalaşyk CCTV bilen FIFA-nyň arasyndaky uzak dowam eden gepleşiklerden soň, 15-nji maýda gazanyldy. Şertnamanyň şertlerine görä, hytaý mediakorporasiýasy ýaýlymyň ähli görnüşleri: jemgyýetçilik telewideniýesi, tölegli TW, internet we ykjam enjamlar üçin eksklýuziw hukuklara eýe bolýar.

60 million dollar möçberindäki baha uzak söwdalaşmagyň netijesinde gazanyldy. Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, FIFA ilkibaşda Hytaýa degişli hukuklar üçin 250–300 million dollar sorapdyr, soňra bolsa talaplaryny 120–150 million dollara çenli düşüripdir. Ýöne bu baha hem CCTV-ni kanagatlandyrmandyr we ol diňe 60–80 million dollar tölemäge taýýar eken. Netijede, taraplar hytaý tarapynyň hödürlän bahasynyň iň aşaky çäginde ylalaşdy.

Neşiriň maglumatyna görä, FIFA bilen baglaşylan ylalaşyk diňe bir 2026-njy ýylyň erkekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna degişli bolman, eýsem ondan soňky ýaryşlary hem öz içine alýar. Bu bukja 2030-njy ýylyň dünýä çempionatlaryny, şeýle hem 2027-nji we 2031-nji ýyllaryň aýallaryň arasyndaky dünýä çempionatlaryny görkezmek hukuklary girýär.

Hytaý FIFA bilen ylalaşan bolsa-da, Hindistan bilen bagly ýagdaý entek näbelli bolmagynda galýar. «India Today» neşiriniň ýazmagyna görä, bahalaryň deň gelmezligi sebäpli gepleşikler çykgynsyz ýagdaýa düşdi: FIFA ilkibaşda 2026-njy we 2030-njy ýyllaryň dünýä çempionatlaryny görkezmek hukugy üçin, takmynan, 100 million dollar soran bolsa, soňra bu talabyny, takmynan, 35 million dollara çenli azaltdy. Ýöne «JioStar» hindi ýaýlymy (Reliance we Disney kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasy) diňe 20 million dollar töweregi hödürledi diýip, «Bangkok Post» neşiri habar berýär.


şu gün 14:06
4.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

şu gün 14:01
4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

düýn 08:04
8.9k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

08.06.2026 16:29
3.9k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....