Hytaýda ilat sanynyň 60 million adam azalmagyna garaşylýar

  • 04.05.2026 23:04
  • 7.5k+

«South China Morning Post» (SCMP) neşiriniň Rhodium Group ylmy-gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp berýän habaryna görä, Hytaýyň ilaty ýakyn on ýylyň içinde 60 million adam azalyp biler. Bu görkeziji tutuş Fransiýanyň ilat sanyna deň bolup, ýurduň ykdysady ösüşine, sarp ediş ukybyna we zähmet öndürijiligine düýpli täsir eder diýlip çaklanylýar.

Gazetiň belleýşi ýaly, demografik pese gaçyş eýýäm ykdysadyýete täsirini ýetirýär. Ilatyň garramagy we maşgalalaryň sanynyň azalmagy garrylara ideg etmek ulgamyna düşýän agramy artdyrýar. Geçen ýyl sosial üpjünçilik gaznalaryna berlen döwlet kömegi 2,9 trillion ýuana (425 milliard dollar) ýetip, ähli býujet çykdajylarynyň 10,1%-ini düzdi. Kompaniýa çykdajylaryň artmagyny dowam etdirjekdigini belleýär.

Şeýle-de, analitikler ilat sanynyň azalmagynyň karz bermek amallarynyň gowşamagyna we göterim mukdarlarynyň peselmegine sebäp boljakdygyny çaklaýar. Bu ýagdaý hatda Hytaýyň iň baý kenarýaka welaýatlaryna hem täsirini ýetirip başlady.

Ilatyň azalmagynyň esasy sebäpleriniň biri çaga dogluşynyň peselmegi boldy. 2025-nji ýylda Hytaýda bary-ýogy 7,92 million çaga dünýä indi. Bu rekord derejede iň pes görkeziji bolup, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 17% azdyr. Ilat eýýäm yzygiderli dördünji ýyl azalýar. Hünärmenler bu ýagdaýy ýurtda ýaşaýyş bahasynyň artmagy we täze nesliň maşgala gurmak baradaky garaýyşlarynyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýar.


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 18:40
6.4k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....