Türkiýede 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlary tapyldy

  • 09.11.2025 20:23
  • 7.7k+

Çanakkale uniwersitetiniň arheologlary Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky gadymy Çayönü Depesi oturymly ýerinde takmynan 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlaryny ýüze çykardylar. Barlagyň netijeleri Arkeonews žurnalynda neşir edildi.

Taslamanyň ýolbaşçysy, professor Sawaş Saryaltunyň sözlerine görä, ýertitremeleri irki bürünç eýýamyna degişli palçykdan gurlan bir binany ýumrupdyr. Gazuw işleriniň dowamynda uzynlygy 5 metrden gowrak, tutuşlygyna poluň üstüne ýykylan diwar tapyldy.

"Biz hojalyk enjamlarynyň ýa-da ýangynyň yzlaryny tapmadyk. Bu bolsa binanyň ýertitremesinden öň taşlanyp gidilendigini görkezýär. Görnüşine görä, ýaşaýjylar eýýäm gaçypdyrlar, ýer yranmasy bolsa köne binany düýpden ýykyp goýberipdir" – diýip, Saryaltun aýdýar.

Diwaryň gyzyl reňki onuň bişirilen däl-de, onuň düzüminiň gematite baý palçykdan gurlandygyny görkezýär. Bu maglumat şol döwrüň gurluşyk materiallaryny öwrenmekde alymlara möhüm çelgi berýär.
Geologlaryň pikirine görä, bu ýertitremesi Diýarbekiriň demirgazygyndaky Elazyg–Siwrije seýsmiki zolagy bilen baglanyşykly bolup biler. Diwaryň pytraman, tutuşlygyna ýykylyp galmagy tolkunlaryň ortaça güýçli, ýöne gaty çalt bolandygyny görkezýär.
Şonuň ýaly gadymy ýertitremeleriniň yzlary Ýokarky Tigr basseýniniň başga ýerlerinde hem tapylypdyr. Bu hem geň däl, sebäbi Günorta-Gündogar Anadoly sebitiniň seýsmiki taýdan yzygiderli işjeňdigi gadymyýetden bäri mälimdir.
Alymlaryň bellemegine görä, Çayönü Depesi adamzadyň irki ösüşleriniň biri — ösümlikleri we haýwanlary eldekileşdirmegiň hem-de gurluşyk medeniýetiniň kemala gelmeginiň möhüm merkezleriniň biri hasaplanýar. Tapylan galyndylar neolit döwründen soňam ýaşaýşyň dowam edendigini, şeýle-de irki şäher medeniýetiniň emele gelmegine ýol açandygyny görkezýär.

"Çayönü diňe bir ilkinji ekerançylar barada däl, eýsem olaryň ýertitremeleri ýaly tebigy hadysalardan nädip halas bolandyklary barada hem gürrüň berýär — bu bolsa Türkiýäniň şu gün hem ýüzbe-ýüz bolýan hakykatydyr" – diýip, Saryaltun sözüni jemleýär.


04.06.2026 18:07
7k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6.1k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......