Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky ägirt uly çukurlaryň tegeleginiň emeli gelip çykyşyny tassykladylar

  • 03.12.2025 11:09
  • 6.1k+

Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky äpet çukurlar zynjyrynyň adamlar tarapyndan döredilendigine subutnama tapdylar diýip, “Internet Arheologiýasy” žurnalynyň bir makalasyna salgylanýan BBC we “The Guardian” habar berýär.

Käbirleriniň Britaniýanyň taryhdan öňki iň uly gurluşy diýip atlandyrýan çukurlar halkasy barada ilkinji gezek 2020-nji ýylda habar berlipdi. Ol merkezinde Neolit döwrüniň Darrington-Uolls we Wudhenj toplumlary jemlenen, diametri 1,6 kilometrden geçýän takmynan 20 çukur oýuklardan ybarat. Çukurlaryň ini 10 metr we çuňlugy 5 metr bolup, biri-birinden yzygiderli aralykda ýerleşýär.
Arheologlar indi çukurlaryň takmynan adam tarapyndan döredilendigini we 4000 ýyldan gowrak ýaşlydygyny tassykladylar. Täze barlagda alymlar çukurlaryň çuňlugyna we şekiline baha bermek üçin elektrik garşylyk tomografiýasy, radar we magnitometriýa ýaly usullaryň utgaşmasyny ulandylar. Çukurlaryň emeli gelip çykyşy topragyň özenini çykarmak, optiki stimulirlenen lýumensensiýa bilen senesini bellemek we sedDNA (toprakdan DNK-ny dikeltmegiň usuly) ulanmak arkaly tassyklandy.
Barlagyň ýolbaşçysy, Bredford uniwersitetiniň professory Winsent Gaffni mel topragynda şeýle çukurlary gazmagyň gaty köp zähmet talap edendigini aýtdy. Professor Gaffni tegelegiň gaty takyk gurluşynyň bardygyny, munuň bolsa adamlaryň aralyklary ölçändigini aňladýandygyny aýtdy.

“Indi biz çukurlaryň bir gurluşy emele getirýändigine ynamly bolanymyzdan soň, şol döwrüň adamlarynyň kosmologiýasyny peýzaža ýazýan, biziň öň görüp bilmedik ägirt uly ýadygärligimiz bar. Eger şuňa meňzeş bir zat Britaniýada tapylsa, ol diňe Stounhenjiň golaýynda bolup biler” – diýip, professor Winsent Gaffni belleýär.
Biz şeýle gurluşlaryň maksadyny hiç wagt dogry bilmän bileris. Professor munuň gadymy adamlaryň ýerasty dünýäsi baradaky ynamy bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär.


04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

03.06.2026 00:14
3.8k+

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......