Angliýada bitewi diýen ýaly “gylyç şekilli ażdarha” tapyldy

  • 20.10.2025 10:52
  • 12k+

Beýik Britaniýanyň Ýura kenarynda alymlar öň belli bolmadyk, delfiniň ululygyndaky gadymy deňiz süýrenijisi — ihtiozawryň bitin diýen ýaly skeletini tapdylar. Britan paleontologlary Papers in Paleontology žurnalynda çap eden makalasynda bu tapyndynyň ihtiozawrlaryň ewolýusiýasynyň taryhyndaky boşlugy doldurmaga kömek edýändigini belleýärler.

Uzyn we inçe tumşugy gylyjy ýada salýandygy üçin, täze görnüşe Xiphodracon goldcapensis, ýagny “Golden-Kapdan gylyç şekilli aždarha” ady berildi. “Xipho” sözi grekçeden gelip, “gylyç” diýmegi aňladýar. Bristol uniwersitetinden Dina Lomaksyň sözlerine görä, ihtiozawrlar iki asyrdan gowrak wagt bäri “deňiz ażdarhalary” diýip atlandyrylýar. “Golden-Kap” bolsa tapyndynyň ýüze çykarylan ýerindäki kenarýaka gaýasynyň adydyr.
Ýura kenary — Dorset we Dewonşir graflyklarynyň çäginde, La-Manş bogazynyň ugrunda 154 kilometre uzap gidýän gaýalyk kenar bölegidir. Bu ýerde deňiz tolkunlary gaýalary ýumrup, trias, ýura we kretos döwrüniň galyndylaryny açýar. Soňky iki asyrda bu ýerde müňlerçe ihtiozawr galyndylary tapylypdy, ýöne Xiphodracon soňky ýüz ýyldan gowrak döwürde resmi taýdan beýan edilen ilkinji täze görnüş boldy.
Skelet 2001-nji ýylda tapylyp, soň Kanadanyň Ontario Patyşalyk muzeýiniň kolleksiýasyna goşulypdy. Üç ölçegde ajaýyp ýagdaýda saklanyp galan nusgada uly göz çukury we gylyç ýaly uzyn tumşuk bar. Alymlar haýwanyň uzynlygynyň takmynan üç metre ýetendigini we onuň balyklar hem-de kalmarlar bilen iýmitlenendigini belleýärler.

Süňkleriň derňewi süýrenijiniň dirikä agyr ýaralanandygyny görkezdi — onuň kellesinde has uly deňiz ýyrtyjysynyň diş yzlary tapylyp, bu onuň ölümine sebäp bolan bolmagy mümkin.
Lomaks we onuň kärdeşleri bu tapyndynyň irki ýura döwrüniň plinsbah döwrüne (takmynan 190–184 million ýyl ozal) degişlidigini kesgitlediler. Bu döwür ihtiozawrlaryň ewolýusiýasynyň doly öwrenilmedik tapgyry bolup, käbir maşgalalaryň ýitip, olaryň ýerine täze görnüşleriň peýda bolan döwrüdir. Alymlar Xiphodracon-y “ihtiozawrlaryň pazlyndaky ýetmeýän bölek” diýip atlandyrýarlar.


13.06.2026 12:29
5.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......