Ysraýylda Wizantiýa döwrüniň 97 altyn teňňesinden we şaý-seplerden ybarat hazyna tapyldy

  • 28.09.2025 10:49
  • 8.9k+

Ysraýylyň demirgazygynda, Kineret kölüniň golaýyndaky Susita milli seýilgähinde arheologlar Wizantiýa döwrüniň 97 altyn teňňesinden we onlarça şaý-sep böleklerinden ybarat hazynany tapdy. Bu barada Ynet portaly habar berýär.

Şaýy pullar 1400-1500 ýyl mundan ozal zikgelenipdir, olaryň arasynda 610-njy ýylda Kiprde zikgelenen örän seýrek nusga hem bar. Şaý-sepler dürler, ýarym gymmat bahaly daşlar we aýna bilen bezelen altyn gulakhalkalardan ybarat. Käbir teňňelerde mata bölekleri, hazynany gizlemek üçin ulanylan haltanyň galyndylary saklanyp galypdyr.

“Bu Ysraýylda gury ýerde tapylan Wizantiýa döwrüniň iň uly hazynalarynyň biri. Onuň özboluşlylygy dürli imperatorlaryň dolandyran döwürlerine degişli şaý-sepleri we altyn teňňeleri öz içine almagydyr” – diýip, Haýfa uniwersitetiniň Arheologiýa we deňiz siwilizasiýasy mekdebinden doktor Maýkl Aýzenberg belledi.

Wizantiýa döwründe gadymy Susita şäheri ýedi sany buthana bilen möhüm hristian merkezi bolupdyr. Bu ýerde gazuw-agtaryş işleri Haýfa uniwersitetiniň arheologlary tarapyndan eýýäm 26 ýyl bäri alnyp barylýar.


19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......