Serbiýada gladiatorlaryň söweşine gatnaşan aýynyň galyndylary tapyldy

  • 24.09.2025 13:17
  • 3.9k+

Häzirki Serbiýanyň Wiminasium şäherindäki gadymy Rim amfiteatrynyň golaýynda ýaşy takmynan 1700 ýyllyk aýy kellesiniň bölekleri  tapyldy. Bu açyş aýylaryň gladiator söweşine gatnaşandygyny görkezýän ilkinji göni subutnamany berýär diýip, Live Science ýazýar.

Galyndylar 2016-njy ýylda tapylypdy, ýöne onuň jikme-jik beýany indi Antiquity žurnalynda  berildi.
Kellesinde söweş wagtynda alnan şikesiň alamatlary görünýär, ýöne ondan biraz gijräk ölen bolmagy ähtimal. Bu kelläniň ýarasynyň bejergisinden we şikesiň kesel ýokuşma alamatlaryndan görünýär. DNK-nyň seljermesi haýwanyň takmynan alty ýaşyndadygyny ýüze çykardy.
Şeýle hem, haýwanyň gyýaklarynyň ýylmanandygy görünýär we barlagçylaryň  bellemegine görä, haýwanyň äňindäki infeksiýanyň alamatlary onuň erkinlikde gezmändigi bilen baglanyşykly - aýylar kapasanyň gözeneklerini çeýnän bolmagy mümkin.
Biziň eýýamymyzyň II asyrynda gurlan Wiminasium amfiteatra 7000 tomaşaçy sygypdyr. Kelle girelgäniň golaýyndan, gaplaň ýaly beýleki haýwanlaryň süňkleriniň ýatan ýerinden tapyldy. Arheologlaryň maglumatlaryna görä, öldürilen haýwanlar meýdançanyň golaýynda pudarlanypdyr, aýratynlykda jaýlanmandyr.
Aýylar gladiator awçylar bilen ikiçäk tutluşyklara çykmaga mejbur edilip, beýleki haýwanlar bilen söweşmäge ýa-da jenaýatçylaryň jezalandyrylmagyna gatnaşmaga mejbur edilendir öýdülýär.


07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....