Budapeştde 1700 ýyllyk gadymy rim sarkofagy tapyldy

  • 25.11.2025 16:39
  • 3.1k+

Budapeşt taryhy muzeýiniň arheologlary Wengriýanyň paýtagtynyň demirgazygyndaky Obuda sebitinde rim sarkofagyny tapdy diýip, Associated Press agentligi habar berdi. Tapyndy Akwinkum gadymy rim şäherçesiniň çäklerinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykaryldy.

Sarkofagyň ýaşy 1700 ýyla barabar. Ol doly ýapyk ýagdaýynda saklanypdyr we talanmandyr. Onuň içinde alymlar ýaş zenanyň skeletini tapdy, onuň ýanynda bolsa jaýlama wagty goýlan predmetler bardy. Olaryň arasynda iki bitin aýna gap, bürünç heýkeljikler, teňňeler, süňkden saç predmeti we ýantardan şaý-sep bar.
Uzak bolmadyk ýerde arheologlar şol döwre degişli rim akwedugyny we sekiz sany has ýönekeý mazary tapdy.
Rim imperiýasy döwründe häzirki Wengriýanyň köp bölegi Pannoniýa welaýatynyň düzümine girýärdi. Onuň serheti Dunaýyň sag kenarynyň ugry boýunça, sarkofagyň tapylan ýerinden 1,6 kilometrden az aralykdan geçýärdi.


19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......