Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Çanakkale welaýatynda meşhur Troýanyň ýerleşýän ýerinden, takmynan, 4500 ýaşly özboluşly altyn gülýaka tapyldy diýip, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň sözlerine salgylanýan Arkeonews habar berýär.
Ministriň sözlerine görä, dünýäde şular ýaly tapyndylaryň diňe iki sany nusgasy belli, bu bolsa olaryň içinde iň gowy saklanyp galanydyr.
Uzynlygy, takmynan, bäş santimetr bolan gülýaka halka şekilli we ýokarsynda ösümligi ýada salýan dört sany "ösüntgi" bilen bezelipdir. Gadymy döwürde şular ýaly zatlar diňe bir eşiklere berkitmek üçin däl, eýsem erk-ygtyýaryň we abraýyň nyşany bolup hem hyzmat edipdir.
Artefakt Troýa II-niň medeni gatlaklarynda tapyldy we arheologlara bu döwri takmynan 2500-nji ýyla çenli diýip kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Agzalan gatlakda seýrek nefrit bölegi we bürünç çüý hem tapyldy. Nefrit Troýada öň hiç wagt tapylmandy we ol şaý-sepler hem-de däp-dessur predmetleri üçin gymmatly material hasaplanypdyr. Bu rowaýaty şäheriň uzak ýerler bilen söwda gatnaşyklarynyň bolandygyny we bezeg-zynat predmetleriniň ýokary derejede ulanylandygyny görkezýär.
Bu tapyndylar 1860-njy ýyllaryň ahyrynda Genrih Şliman tarapyndan açylan Gissarlyk depesiniň astyndaky Troýanyň baý mirasyna goşant boldy. Türkiýäniň hökümeti artefaktlary bürünç asyryň ýaşaýjylarynyň medeniýetini we artykmaçlyklaryny görkezýän, 2018-nji ýylda açylan Troýa muzeýinde goýmagy meýilleşdirýär.