Renault täze Boreal krossowerini hödürledi. Onuň önümçiligi Türkiýede we Braziliýada ýola goýlar

  • 14.07.2025 10:46
  • 2.6k+

Renault kompaniýasy täze orta ululykdaky Boreal krossowerini hödürledi. Ol Dacia Bigster modeline esaslanýar. Onuň satuwy ýylyň ahyrynda Ýewropadan daşary 70-den gowrak ýurtda başlar. Önümçilik Braziliýada we Türkiýede ýola goýlar.

Renault Boreal kuzowyň reňkindäki radiator gözenegi we “akylly” faralar bilen üýtgedilen öňki bölege eýe boldy. Yzky bölek has ýönekeýleşdi: inçe çyralar, ýiti bamper we ýumşak stilde bäşinji gapy oturdyldy. Şeýle-de, krossower aşakdan alýumin goragy, 19 dýuýmlyk diskler we panorama lýugy bilen üpjün edildi.
Salonda sanly enjam paneli we Google hyzmatlary bilen 10 dýuýmlyk displeý bar. Interýeriň aýratynlyklaryna lazer haşamly paneller, 48 reňkli yşyklandyryş, simsiz zarýad beriş, iki zolak üçin klimat-dolandyryş we on dinamikli Harman Kardon audioulgamy girýär. Bagaž ýeriniň göwrümi yzky oturgyçlar ýygnalan ýagdaýynda 1770 litre barabar.
Krossoweriň uzynlygy – 4556 mm (Bigster-den 14 mm gysga), tigir bazasy – 2702 mm. Model bazara baglylykda 138-den 163 at güýjüne çenli kuwwatly, benzinde ýa-da etanolda işleýän 1,3 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Hereketlendiriji alty basgançakly robot bilen bilelikde işleýär, herekete getiriji – öňdäki.


düýn 15:54
4.9k+

Türkiýede Çanakkale şäherindäki Troýanyň ýerleşýän ýerinden 4500 ýaşly altyn gülýaka tapyldy

Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Çanakkale welaýatynda meşhur Troýanyň ýerleşýän ýerinden, takmynan, 4500 ýaşly özboluşly altyn gülýaka tapyldy diýip, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň sözlerine salgylanýan Arkeonews habar berýär...

25.09.2025 15:29
9.3k+

Braziliýadaky harasat Toyota-nyň zawodyny weýran edip, önümçilige zyýan ýetirdi

Güýçli tupan Braziliýanyň San-Paulu ştatyndaky Portu-Felis şäherinde ýerleşýän Toyota zawodyna zyýan ýetirdi. Carscoops neşiriniň maglumatlaryna görä, zawod näbelli möhlet bilen işini togtatdy. 2016-njy ýylda gurlan we ýylda 108 müňe çenli enjam çykarmaga niýetlenen zawod täze Toyota Yaris Cross krossoweri üçin hereketlendirijileri öndürmelidi...

12.09.2025 18:23
6.8k+

Togg türk markasy Mýunhen awtosalonynda Tesla Model 3-üň bäsdeşini hödürledi

Türkiýäniň Togg kompaniýasy Mýunhen awtosalonynda täze T10F elektrik liftbegini hödürledi. Bu markanyň T10X krossowerinden soň ikinji modeli boldy. Öndüriji Ýewropa bazaryna çykýandygyny habar berdi: modelleriň ikisi-de sentýabrda Germaniýada satuwa çykar...

30.04.2025 11:28
2.5k+

Chevrolet Braziliýanyň bazary üçin S10 100 Years Edition pikabyny hödürledi

General Motors Braziliýada täze 2026-njy ýyl «Chevrolet S10 100 Years Edition» pikabyny resmi tavdan tanyşdyrdy. Kompaniýanyň metbugat gullugyna görä, ýörite wersiýa brendiň ýüz ýyllygyny bellemek üçin taýýarlanyldy we deňsiz-taýsyz modelleri çykarmak däbini dowam etdirýär...