Volkswagen täze pikap ulagyny guşuň ady bilen atlandyrdy

  • 06.02.2026 10:44
  • 3.7k+

Volkswagen kompaniýasy Braziliýanyň bazary üçin ýörite işlenip düzülen täze pikapynyň ilkinji resmi suratyny çap etdi we onuň adynyň Tukan (Tukan guşunyň hatyrasyna) boljakdygyny tassyklady. Bu täze model, adybir guşuň çüňküne mahsus bolan açyk sary reňki bilen tapawutlanýar. Awtoulag satylyp başlananda, hut şu "simwoliki" reňkde hödürlener.

Çap edilen ýeke-täk tizer suratda awtoulagyň käbir dizaýn aýratynlyklaryny görmek bolýar. Sary kuzowyň fonunda yzky tekerleriň üstündäki gara örtükler we gara reňkli sütünler aýdyň görünýär. Sütünleriň üstünde modeliň ady — "Tukan" ýazgysy ýerleşdirilipdir. Yzky çyralaryň garaldylan (tinted) dizaýna eýedigi çak edilýär.
Häzirki wagtda awtoulagyň tehniki häsiýetnamalary (hereketlendirijisiniň kuwwaty, transmissiýasy we ş.m.) gizlin saklanýar.
Volkswagen-iň Braziliýa bölüminiň wekilleriniň aýtmagyna görä, "Tukan" modeliniň çykarylmagy brend üçin Günorta Amerikada "strategik öwrülişik nokady" bolar. Bu model kompaniýanyň 2028-nji ýyla çenli sebitde tanyşdyrmagy meýilleşdirýän 20-den gowrak täze awtoulagynyň iň möhümleriniň biridir.
Volkswagen Tukan-yň köpçülikleýin önümçiligi 2027-nji ýylda Braziliýanyň San-Žoze-dus-Pinýaýş şäherindäki zawodda başlar.


14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.5k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.2k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......