Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

  • 06.05.2026 08:17
  • 1.8k+

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly çykdajylary peseltmäge gönükdirilen bolup, ol ilkinji nobatda Volkswagen we Audi markalarynyň bölümçelerine degişli bolar.

2025-nji ýylyň ahyryna bolan maglumatlara görä, konserniň kuwwatlyklary her ýyl 12 milliona çenli ulag öndürmäge mümkinçilik berýärdi, emma hakyky satuwlar hatda 9 milliona-da ýetmedi. Blýume häzirki kuwwatlyklary «artykmaç» diýip häsiýetlendirdi we öňki meýilleşdiriş modelleriniň durmuşa laýyk gelmeýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, bazarlaryň durnukly bolan iň soňky döwri 2019-njy ýyldy, ondan soň bolsa geosyýasy faktorlaryň täsiri bilen ýagdaý has-da kynlaşyp başlady.

Işewürlige basyş edýän esasy sebäpler hökmünde administrasiýa ABŞ-nyň nyrh syýasatyny, Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklary we Hytaýdaky barha artýan bäsdeşligi görkezýär.

Kadalaşdyrmagyň çäginde Volkswagen Ýewropadaky ýüki az bolan zawodlarynyň birini satmak mümkinçiligini we Hytaý bazaryndaky şowly tejribesine eýerip, beýleki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi öwrenýär.

Çökgünlik alamatlaryna garamazdan, Oliwer Blýume konserniň «täze kadalara» uýgunlaşmaga ukyplydygyna ynam bildirdi.


düýn 18:36
2.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 16:05
3.9k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......