61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

  • 13.05.2026 09:33
  • 7.7k+

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny eýelän Toyota boldy.

Gözleg işleri Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýanyň we Afrikanyň bazarlaryny öz içine alýar. Argentina, Ýaponiýa we Filippinler üçin 2024-nji ýylyň maglumatlary ulanyldy. Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň we Günorta Afrikanyň bazarlarynda öňdeligini saklap galdy. Synçylar munuň sebäbini markanyň ygtybarly we tygşytly awtoulag hökmündäki abraýy, şeýle hem ösen dilerlik ulgamy bilen baglanyşdyrýarlar.

Ýewropada bolsa sebit öndürijileri güýçli öňdebaryjylygy saklamagy dowam etdirýärler. Volkswagen Germaniýada, Awstriýada, Daniýada, Şweýsariýada we Beýik Britaniýada iň köp satylýan marka boldy. Fransiýada Renault, Italiýada Fiat, Russiýada Lada, Çehiýada bolsa Škoda öňe saýlandy.

Hytaýyň içki bazarynda elektromobilleriň meşhurlygynyň artmagy bilen BYD kompaniýasy birinji orny eýeledi. Hindistanda Maruti, Wýetnamda VinFast liderligini saklaýar. Eýranda iň iri marka Iran Khodro, Nigeriýada bolsa Innoson boldy.

Gözlegiň awtorlary köp ýurtlaryň, hususan döwlet goldawy arkaly öz milli öndürijilerini goldamagy dowam etdirýändiklerini-de belleýärler.


21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....