Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

  • 05.05.2026 15:31
  • 2.2k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge kömek etmegine garaşylýar.

Kompaniýa ozallar tendensiýalary kesgitleýärdi, ýöne häzir BYD we Geely ýaly brendlerden yza galýar. Volkswagen häzir elýeterli baha we önümçiligi ýerlileşdirmäge üns berýär.

Jetta X “Hytaý üçin Hytaýda öndürilen” ýörelgesi esasynda guruldy - bu dizaýna-da, tehnologiýa-da degişli bolup durýar. Modeliň takmynan 14 000–15 000 dollara satylmagyna garaşylýar.

Awtoulag ýaşlaryň islegine laýyk gelýän uly ekranly we iň az fiziki düwmeli döwrebap sanly salona eýe bolar.
Krossoweriň dizaýny has burçly we wnedorožnigiň stiline golaý boldy.

Bu taslama 2026-njy ýylda işläp düzmekligi we karar kabul etmegi tizleşdirmek üçin döredilen täze FAW-Volkswagen Jetta gurluşy arkaly amala aşyrylýar.

Kompaniýa bu çemeleşmäniň bazardaky üýtgeşmelere has çalt jogap bermäge mümkinçilik berjekdigine umyt baglaýar. Jetta X ilkinji ädim bolar, ýöne ýeke-täk däldir: Volkswagen 2028-nji ýyla çenli gibrid we ýöreýiş ätiýaçlygy uzaldylan görnüşler bilen birlikde ýene-de birnäçe modeli çykarmagy meýilleşdirýär.
 


düýn 12:20
2.8k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......