Braziliýadaky harasat Toyota-nyň zawodyny weýran edip, önümçilige zyýan ýetirdi

  • 25.09.2025 15:29
  • 9.7k+

Güýçli tupan Braziliýanyň San-Paulu ştatyndaky Portu-Felis şäherinde ýerleşýän Toyota zawodyna zyýan ýetirdi. Carscoops neşiriniň maglumatlaryna görä, zawod näbelli möhlet bilen işini togtatdy.

2016-njy ýylda gurlan we ýylda 108 müňe çenli enjam çykarmaga niýetlenen zawod täze Toyota Yaris Cross krossoweri üçin hereketlendirijileri öndürmelidi. Modeliň ýerli premýerasy 2025-nji ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilipdi, ýöne indi möhlet yza süýşürilýär.
Tupan sebitde 22-nji sentýabrda bolup geçdi. Tebigy hadysa üçegi goparyp, metal pürsilere zyýan ýetirdi we sehleri suw basdy. Sosial ulgamlardaky kadrlarda suwuň astyndaky enjamlar we hatda agdarylan awtomobil görünýär. Birnäçe işçi ýeňil şikes aldy, pida bolan ýok.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......