Togg türk markasy Mýunhen awtosalonynda Tesla Model 3-üň bäsdeşini hödürledi

  • 12.09.2025 18:23
  • 7.1k+

Türkiýäniň Togg kompaniýasy Mýunhen awtosalonynda täze T10F elektrik liftbegini hödürledi. Bu markanyň T10X krossowerinden soň ikinji modeli boldy. Öndüriji Ýewropa bazaryna çykýandygyny habar berdi: modelleriň ikisi-de sentýabrda Germaniýada satuwa çykar.

T10F-iň uzynlygy 4830 mm, tigir bazasy – 2890 mm. Göwrümi boýunça ol Tesla Model 3-den 110 mm uzyn, ýöne baza ondan bary-ýogy 15 mm geçýär. Ulag iki wersiýada çykarylar: kuwwaty 218 at güýji bolan bir elektrik hereketlendirijisi we 435 at güýji bolan doly herekete getiriji bilen. Soňkusy 100 km/sag çenli tizligini 4,1 sekuntda artdyrýar we 700 Nm aýlanma güýjüni berýär. Bir hereketlendirijili görnüş 88,5 kWt/sag sygymly batareýa bilen üpjün edilýär we bir zarýadda 600 km çenli geçip bilýär.
T10F-iň dizaýny süýri görnüşde ýerine ýetirildi, üçek gara reňke boýaldy. Aerodinamiki garşylyk koeffisiýenti 0,24-e deň. Üpjünçilige baglylykda 17-den 19 dýuýma çenli tigir diskleri oturdylýar.
Salon 12 dýuýmlyk sanly enjam paneli we 29 dýuým digaonally multimedia displeýi bilen üpjün edildi. Şeýle-de, iki zolakly klimat gözegçiligi, 12 dinamikli audioulgam, simsiz zarýad we sürüjä kömek ulgamlarynyň toplumy göz öňünde tutuldy.
Elektromobil öndürýän Togg kompaniýasy Türkiýede 2023-nji ýylyň ahyrynda açyldy. Şol wagt Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýedi ýylyň içinde markanyň 1 mln elektromobilini çykarmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. 2024-nji ýylda türk bazarynda 30 müň töweregi T10X krossoweri satyldy. 


29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......