Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag müşderilerine oktýabr aýynda gowşurylar.
At güýji 1035-e deň bolan bu täze ulag brendiň iň gymmat bahaly modelleriniň biri bolup, onuň bahasy 550 müň ýewrodyr. Ýöne bu uly dabaraly tanyşdyrylyş maýadarlary beýle bir geň galdyrmady. Netijede Milandaky birža söwdalarynda kompaniýanyň aksiýalary iň pes derejä, ýagny 7,8% aşaklap, 285,8 ýewro çenli düşdi.
Elektromobil dört sany motor we 122 kWt/sag sygymly batareýa bilen üpjün edilip, ol bir gezeklik zarýadda 530 km ýol geçip bilýär. Ulag sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetýär, onuň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 310 km-e deňdir.
Ferrari özüniň taryhy we adaty ses durkuny ýitirmezlik üçin emeli motor sesiniň deregine, kuwwat beriji enjamyň yrgyldylaryny güýçlendirýän ýörite akustik ses ulgamyny ulanmagy makul bildi.
Ulagyň täsin dizaýnyny Apple kompaniýasynyň öňki baş dizaýneri Jonatan Aýw we onuň «LoveFrom» studiýasy bilelikde taýýarlady. Şol bir wagtda, meşhur synçy Pýer-Oliwýe Essig täze önümiň daşky keşbini «Honda Accord EV» we «Tesla 3» modelleriniň garyşmasyna meňzetdi.
Ferrari ýylda 14 müňden hem az ulag öndürmek bilen özüniň durnukly eksklýuziwlik ýörelgesini saklap galýar. Kompaniýanyň maksatnamasyna görä, 2030-njy ýyla çenli satylýan ulaglaryň 20%-i elektrikli, 40%-i gibrid we 40%-i adaty içden ýanýan motorly (DWS) bolar.
The Wall Street Journal neşiriniň bellemegine görä, bu ýerde ulagy gaýtadan satmak meselesinde uly töwekgelçilik bar, sebäbi elektrikli ulaglaryň bahasy adaty ýangyçly ulaglara garanyňda has çalt peselýär. Bu meseläni çözmek üçin Ferrari edil gibrid modellerinde edişi ýaly, «Luce» ulagynyň hem giňeldilen ätiýaçlandyryş meýilnamasynyň içine her sekiz ýyldan batareýany mugt çalşyp bermek hyzmatyny goşmagy meýilleşdirýär.