Bentley Stambulyň hormatyna awtoulaglar ýygyndysyny döretdi

  • 24.06.2024 13:09
  • 9.3k+

Bentley kompaniýasy Stambula bagyşlanan täze, çäklendirilen awtoulag toplumyny hödürledi. Oňa Istanbul Silhouette diýip atlandyrylan Flying Spur sedany, Continental GT kupesi we Bentayga krossoweri girdi diýip, auto.ru habar berýär.

Mulliner atelýesi tarapyndan döredilen awtoulag dizaýnlary Stambulyň taryhyndan we medeniýetinden ylham alýar. Kuzowyň mawy öwüşginli Black Sapphire reňki Bosforyň reňkine, salona çekilen açyk gök urundyly Beluga gaýyş daşlygy bolsa gök öwüsginli mawy metjidiň plitalarynyň äheňini berýär. Salonyň içi Galata diňiniň nagyşly şekilleri, Stambulyň köprüleri we beýleki gözel ýerleriniň şekilleri bilen bezelipdir.
Tehniki taýdan Istanbul Silhouette awtoulaglary 550 at güýjüni we 770 Nm tork  öndürýän 4,0 litrlik V8 hereketlendirijili Azure wersiýasyna esaslanýar. Ýygyndynyň  gaty çäkli bolmagy ahmal, sebäbi bu hereketlendirijili Flying Spur-iň we Continental GT-niň önümçiliginiň ýakyn wagtda tamamlanjakdygyny habar berdi.
Täze önümleri diňe Stambul Bentley söwda dellaly satar. Toplumyň bahalary we mukdary entek aýan edilmedi.


düýn 15:54
4.9k+

Türkiýede Çanakkale şäherindäki Troýanyň ýerleşýän ýerinden 4500 ýaşly altyn gülýaka tapyldy

Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Çanakkale welaýatynda meşhur Troýanyň ýerleşýän ýerinden, takmynan, 4500 ýaşly özboluşly altyn gülýaka tapyldy diýip, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň sözlerine salgylanýan Arkeonews habar berýär...

12.09.2025 18:23
6.8k+

Togg türk markasy Mýunhen awtosalonynda Tesla Model 3-üň bäsdeşini hödürledi

Türkiýäniň Togg kompaniýasy Mýunhen awtosalonynda täze T10F elektrik liftbegini hödürledi. Bu markanyň T10X krossowerinden soň ikinji modeli boldy. Öndüriji Ýewropa bazaryna çykýandygyny habar berdi: modelleriň ikisi-de sentýabrda Germaniýada satuwa çykar...

14.07.2025 10:46
2.6k+

Renault täze Boreal krossowerini hödürledi. Onuň önümçiligi Türkiýede we Braziliýada ýola goýlar

Renault kompaniýasy täze orta ululykdaky Boreal krossowerini hödürledi. Ol Dacia Bigster modeline esaslanýar. Onuň satuwy ýylyň ahyrynda Ýewropadan daşary 70-den gowrak ýurtda başlar. Önümçilik Braziliýada we Türkiýede ýola goýlar...

28.07.2024 16:02
5k+

Türkiýe ýylda 1 mln elektromobil öndürmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň häkimiýetleri ýylda, takmynan, 1 mln elektromobil öndürmegi meýilleşdirýärler. Bu barada respublikanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi diýip, TASS belleýär. “Biz 5 milliard dollarlyk elektromobil...