Türkiýe ýylda 1 mln elektromobil öndürmegi meýilleşdirýär

  • 28.07.2024 16:02
  • 5.1k+

Türkiýäniň häkimiýetleri ýylda, takmynan, 1 mln elektromobil öndürmegi meýilleşdirýärler. Bu barada respublikanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Biz 5 milliard dollarlyk elektromobil önümçiligini höweslendirmek boýunça çäreler toplumyny işe girizýäris, olaryň önümçiligini ýylda 1 mln birlige ýetirmek meýilleşdirilýär” – diýip, TRT Haber Ärdoganyň sözlerini getirýär.

Ol iýul aýynyň başynda Türkiýäniň dünýäde iň uly elektromobil öndürijileriniň biri bolan BYD hytaý kompaniýasy bilen 1 mlrd dollardan gowrak bahaly şertnama baglaşandygyny ýatlap geçdi. Prezident beýleki kompaniýalar bilen gepleşikleriň dowam etdirilýändigini hem belledi.
BYD bilen şertnama Türkiýede ýylda 150 müň elektrokar we gibrid awtoulag öndürýän zawodyň açylmagyny göz öňünde tutýar.
Türkiýe dürli görnüşlerde Togg elektromobilini çykarýar. Ilkinji gezek ol 2019-njy ýylda tanyşdyryldy, elektrokarlar ýurduň günbataryndaky Bursa welaýatynda ýygnalýar. Öň, zawodyň kuwwatynyň ýylda 170 – 175 müň birlik üçin niýetlenendigi habar berildi. Türk häkimiýetleri ýedi ýylyň içinde, takmynan, bir million elektromobil çykarmak meýilnamasy barada habar berdiler.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.9k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......