Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmana Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi...