Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

  • 04.06.2023 10:21
  • 45k+

3-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Dabara 30-dan gowrak döwlet we Hökümet Baştutanlary gatnaşdy. 

Aşgabadyň howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bellenildi.
Ankara şäheriniň “Esenboga” Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny türk tarapynyň beýleki resmi adamlary, dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynyň Sergiler merkezinde Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan döwlet Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralar boldy.
Merkezi girelgäniň öňünde  Serdar Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly mähirli garşylady.
Dabaranyň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly döwletiň Baştutany bilen söhbetdeşligi boldy.
Serdar Berdimuhamedow türk Lideri bilen dostlarça salamlaşyp, ýurduň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan nobatdaky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogany gutlady we ýokary döwlet wezipä resmi taýdan girişmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanan Rejep Taýyp Ärdogan çykyş etdi.
Agşam Rejep Taýyp Ärdogan daşary ýurtly myhmanlarynyň hormatyna Çankaýa köşgünde agşamlyk naharyny berdi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......