Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe şaýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köprini gözden geçirdi

  • 28.07.2025 08:12
  • 16k+

26-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalaryň, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýoluň, köprüleriň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gökdepe şaýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köprini gözden geçirip, köpzolakly köpriniň aşaky gatynyň diwarlarynda ýerleşdirilen şekilleri synlady we şekillerde geçmiş bilen geljegiň özara baglanyşygynyň bardygyna ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy desganyň germewlerinde ýerleşdirilen şekilleri synlady.

“Bu künjegiň ahalteke bedewleriniň asyl mekanydygyny nazara alyp, desgalaryň bezeginde ahalteke bedewleriniň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ähmiýetli çözgütdir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Köpzolakly awtomobil köprüsiniň gurluşygy ýerli telekeçiler tarapyndan kesgitlenen meýilnama laýyklykda amala aşyryldy. Şeýle-de binalaryň üçeklerine goýulýan serişdeleriň, ýol ýakalarynda oturdylýan beton raýyşlaryň görnüşleri görkezildi. Bu serişdeleri ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki binalaryň üçeklerine goýmak bellenildi. Ýurdumyzda öndürilen bu önümleriň importyň ornuny doly tutýandygy barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň intellektual eýeçiligiň esasynda bu ýerleriň seýsmiki ýagdaýyny ylmy esasda öwrenendiklerini aýtdy. Şunda ýeriň dykyzlygyna, topragyň özboluşly aýratynlyklaryna, howa şertlerine möhüm ähmiýet berildi. Arkadag şäheriniň çäklerinde dürli maksatly desgalar hut şol çözgüdiň esasynda bina edilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow üçekleriň we ýol ýakalaryna niýetlenen betonlaryň hil babatda ýokary halkara görkezijilere, reňkiniňdir berkliginiň bolsa ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigini nygtady.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada maglumat berdiler.
Bu ýerde durmuş we önümçilik maksatly binalaryň şekil taslamalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler, Gökdepe şaýolundaky döwrebap köpriniň, beýleki desgalaryň görnüşleri görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy, şol sanda Gökdepe şaýolundaky köpzolakly köpriniň, oňa barýan ýoluň ugrundaky ýol belgileriniň talabalaýyk bolmagyna, bu ýoldan geçýän ýük ulaglarynyň kada laýyk derejede kesgitlenmegine möhüm üns berilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu künjekdäki Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan häzirki zaman demir ýol we awtomobil menzillerini baglanyşdyryp, döwrebap ýol-ulag düzümlerini emele getirjekdigini belledi. Munuň özi ýol-ulag düzüminiň bir bitewi ulgamynyň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow köpriniň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berip, bu ýerden Keýmir kör şaýoly bilen Arkadag şäherine tarap ugrady.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....