Minskde Türkmenistanyň we Kataryň diplomatlarynyň duşuşygy geçirildi

  • 02.08.2025 19:13
  • 6.1k+

Minsk şäherinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynda ilçi Nazarguly Şagulýew bilen Kataryň ynanylan wekili Hamud Saleh Mohsen Nasser Al-Saadiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi N.Şagulýew Türkmenistanyň şu ýylda öňe süren möhüm halkara başlangyçlary barada gürrüň berdi.
Şeýle hem diplomat Katarly kärdeşine "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC 3) barada gürrüň berdi. Maslahatyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we logistika we dünýä ykdysadyýetine integrasiýa bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin esasy platforma öwrülmegine garaşylýar.
Kataryň ynanylan wekili Hamoud Saleh Mohsen Nasser Al-Saadi mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Kataryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýillerini tassyklady. Ol Türkmenistanyň halkara giňişliginde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça goşandyna ýokary baha berdi we Awazada geçiriljek maslahatyň ähmiýetini belläp geçdi.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......