Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 28 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwda geçirer

  • 02.08.2025 19:06
  • 22k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 28 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini yglan etdi. Hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläkleriniň sanawy anna güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Bäsleşikli söwda 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam hem-de onuň mobil goşundysy arkaly geçiriler.
Bäsleşikli söwda çykaryljak iri desgalaryň hatarynda:

  • Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Berzeň geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän, 3 müň 967 inedördül metr meýdanly bişen kerpiç öndürýän sehi;
  • 8 müň 800 inedördül metr meýdanly “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi;
  • Lebap welaýatyndaky iki gatly bina;
  • Daşoguz welaýatyndaky 6 müň 400 inedördül metr meýdanly turba zawody bar.

Bäsleşikli söwda şeýle hem hyzmat ediş desgalary, şol sanda dükanlar, kafeler, naharhanalar, edara binalary we önümçilik kärhanalary hödürleniler.
Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki şahslary göz öňünde tutulan kanunçylyk tertibine laýyklykda gatnaşyp bilerler.

Bäsleşikli söwda gatnaşmagyň tertibi barada maslahatlar we hususylaşdyrylýan desgalar barada goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we bu ministrligiň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......