Türkmenistan BMG-niň Awazadaky maslahatynyň ilkinji gatnaşyjylaryny kabul edip başlady

  • 02.08.2025 18:30
  • 14k+

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylary we beýleki myhmanlary kabul edýär.

Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde foruma gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy milli däplerine laýyklykda garşylanylýar. Deňiz kenaryndaky şäherde-de, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Muňa köçeleriň baýramçylyk bezegleri, bannerler we garşylaýyş ýazgylary şaýatlyk edýär.
Forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda giň gerimli çäreler geçiriler. Işewürlik duşuşyklary, tematiki sergiler we Merkezi Aziýa döwletleriniň Milli günleri guralar.

BMG-niň Awaza forumynyň maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmäge we mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kömek etjek hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň meýdançany döretmekden, bu ugurda netijeli çözgütleri tapmakdan ybaratdyr.
Forumyň maksatnamasy ulag ulgamy we aragatnaşyk, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet ýaly ugurlarda degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy öz içine alýar. Onuň çäklerinde medeni-ynsanperwer çärelere, şol sanda dostluk konsertine we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Milli günlerine hem aýratyn ähmiýet berler.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......