Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň lideri wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 08.10.2023 13:25
  • 15k+

Şenbe güni Ankarada geçirilen gurultaýda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan dolandyryjy Adalat we Ösüş partiýasynyň (AÖP) lideri wezipesine biragyzdan gaýtadan saýlandy. Oňa gurultaýyň 1399 delegatynyň ählisi ses berdi. Bu barada TRT Haber teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Ärdogan Adalat we Ösüş partiýasyna 2001-nji ýylyň awgust aýynda döredileninden bäri ýolbaşçylyk edýär. Bir ýyldan soň, 2002-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda partiýa ýeňiş gazandy we şondan bäri Türkiýäniň häkimiýetiniň başynda durýar.
Öz çykyşynda türk lideri ynam bildirendikleri üçin kärdeşlerine minnetdarlyk bildirdi we 2024-nji ýylyň 31-nji martynda geçiriljek häkimiýetiň ýerli organlaryna saýlawlar üçin AÖP saýlaw kampaniýasyna badalga berdi.

“31-nji martdaky saýlawlarda biz şu ýylyň 14-nji we 28-nji maýynda gazanylan üstünligi (parlament we prezident saýlawlarynda) gaýtalarys we munisipial derejede dolandyryşyň täze eýýamyna başlarys” – diýip, Ärdogan belledi.


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......