Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentine gynanç bildirdi

  • 23.01.2025 13:19
  • 26k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bolu welaýatynda ýerleşýän “Kartalkaýa” dynç alyş zolagyndaky myhmanhanada bolup geçen hem-de adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Anadolu agentliginiň maglumatlaryna görä, ýangyn netijesinde, 76 adam aradan çykdy, 51 adam şikes aldy.


07.03.2026 20:33
6.7k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...

24.02.2026 10:49
13k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

05.01.2026 11:44
8.9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

18.12.2025 11:45
12k+

Türkiýäniň Mermer deňziniň suwy gysga wagtyň içinde kenardan 20 metr çekildi

Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Marmaraereglisi şäheriniň ýaşaýjylary Mermer deňziniň suwunyň kenarýakadan birden 20 metr çekilendigi barada habar berdiler. Netijede, 16-njy dekabrda kenarýakada çäge adajyklary emele geldi diýip, Haberturk teleýaýlymy habar berýär...