Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

  • 24.02.2026 10:49
  • 13k+

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi.

Waka oýnuň başynda ýüze çykdy. «Istanbul Ýurdum» toparynyň derwezebany Muhammet Uýanygyň depen topy tötänleýin meýdançanyň üstünden uçup barýan çarlaga degdi. Özünden giden guş şol pursatda otuň üstüne gaçyp, gymyldy-hereketsiz ýatdy. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, stadion bir pursat dymyşlyga bürenip, oýunçylar we janköýerler bolan wakany tolgunma bilen yzarlap, doňup galypdyrlar.
Derwezeban depeninden soň topuň nämä degendigine birbada düşünmändigini, emma meýdançada ýatan guşa gözi düşeninde «gaty gynanandygyny» boýun aldy.
«Istanbul Ýurdum» toparynyň kapitany Gani Çatan ilkinji bolup kömege ýetişdi. Hiç hili lukmançylyk bilimi bolmasa-da, futbolçy ýüreginiň emrine görä hereket etdi. Ol guşy seresaplylyk bilen galdyryp, dogrulap ýatyrdy-da, barmaklarynyň ujy bilen çarlagyň ýüregini gytaklaýyn owkalap başlady. Halas ediş çäreleri tutuş stadionyň dykgatly nazary astynda takmynan iki minut dowam etdi.
«Turkiye Today» neşiri Ganiniň yhlasynyň netije berendigini ýazýar. Biraz wagt soň çarlagyň aýaklary gymyldap başlady, ol gözlerini açdy. Guş özüne gelen badyna oňa suw berdiler we has düýpli barlag üçin meýdançanyň gyrasyndaky lukmanlara tabşyrdylar.
Gani Çatanyň topary oýnuň ahyrynda penalti depilişiginde ýeňilse-de, kapitany muňa gynanmandygyny aýtdy. 

«Dogry, biz çempionlygy elden giderdik, ýöne bir jandaryň ömrüni halas edip, sogap iş bitirdik. Bu ýaryşda ýeňiş gazanandan has möhüm» diýip, Çatan oýundan soň pikirlerini paýlaşdy.

Sosial torlarda janköýerler halasgär futbolçyny «hakyky erkek» we «altyn ýürekli gahryman» diýip atlandyryp, onuň adyna öwgüli sözleri ýazýarlar. Oýnuň teswirleýjisi Onur Özsoý çarlagyň soňra özbaşdak ýöräp başlandygyny tassyklady.


09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......