Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

  • 07.03.2026 20:33
  • 7k+

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär.

Alymyň aýtmagyna görä, bu meduzalar aslynda Gyzyl deňizde ýaşaýar. Olar Ortaýer deňzine Sues kanaly arkaly geçip, wagtyň geçmegi bilen günbatara tarap ýaýrapdyrlar. Häzirki wagtda bu görnüş Ortaýer deňziniň basseýninde iň uly meduza hasaplanýar.

«Eýýäm on günden bäri güýçli ýel öwüsýär, şol sebäpli akymlar köp sanly meduzany Antalýa aýlagyna getirdi. Bu ýagdaý azyndan maý aýynyň başyna çenli dowam eder. Iýun aýyna çenli deňziň suwy gyzar-da, meduza galmaz. Şunlukda howply ýagdaý hem aradan aýrylar» diýip, alym IHA agentligine gürrüň berdi.

Hünärmen bu meduzalara golaýlaşmagyň howpludygyny duýdurmak bilen: «Gazan ýaly äpet bu meduzalaryň uzynlygy 1,5 metre ýetýän gysgyçlary-da bardyr. Eger suwda ak reňkli üýtgeşik bir zat görseňiz, ol ýerden daşlaşyň. Kenarda zyňlyp ýatan meduzalary-da ellemäň. Eger bardy-geldi, meduza degen bolsaňyzam, şol ýeri ammiak ýa-da gyzgyn suw bilen arassalaň. Bar bolsa, allergiýa garşy kremleri-de ulanyň» diýip, gaýragoýulmasyz maslahatlary berýär.


17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

09.06.2026 07:41
11k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......