Türkiýäniň Mermer deňziniň suwy gysga wagtyň içinde kenardan 20 metr çekildi

  • 18.12.2025 11:45
  • 12k+

Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Marmaraereglisi şäheriniň ýaşaýjylary Mermer deňziniň suwunyň kenarýakadan birden 20 metr çekilendigi barada habar berdiler. Netijede, 16-njy dekabrda kenarýakada çäge adajyklary emele geldi diýip, Haberturk teleýaýlymy habar berýär.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, şuňa meňzeş ýagdaý üç ýyl mundan ozal hem görlüpdi, ýöne bu gezek suw örän gysga wagtyň içinde çekildi. Geçen hepde hem suw giňişliginde hiç hili üýtgeşme duýulmandy.
Suwuň çekilmegi netijesinde, saý ýerde duran birnäçe gaýyk çäge oturdy. Ejir çekenler barada maglumat ýok.
Bu hadysanyň sebäplerini 2023-nji ýylda şuňa meňzeş ýagdaýlary seljeren Kandilli obserwatoriýasynyň alymlary düşündirdi. Hünärmenler bu hadysanyň diňe atmosfera basyşynyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykandygyny nygtadylar. Barlagçylar suwuň çekilmegi bilen sebitdäki seýsmiki işjeňligiň arasynda hiç hili baglanyşygyň ýokdugyny aýtdylar.


07.03.2026 20:33
6.6k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...

24.02.2026 10:49
13k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

11.08.2025 14:12
22k+

Türkiýede 6,1 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi

Türkiýäniň günbataryndaky Balykesir şäherinde 6,1 bal ululykda ýertitreme hasaba alyndy. Bu barada respublikanyň Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentine (AFAD) salgylanyp, TRT Haber habar berýär...

28.07.2025 12:35
8.9k+

Türkiýede tokaý ýangynlary sebäpli 1700 adam göçürildi

Türkiýäniň birnäýe welaýatlarynda uly tokaý ýangynlary bilen göreş dowam edýär. Ýangyn tokaý massiwlerini, ýaşaýyş zolaklaryny we oba hojalyk ýerlerini gurşap aldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär. Hususan-da, Bursa, Antalýa, Izmir, Bilejik welaýatlarynda, şeýle-de Uşak, Mersin we Diýarbakir sebitlerinde ýagdaý has çylşyrymly...