Türkiýede tokaý ýangynlary sebäpli 1700 adam göçürildi

  • 28.07.2025 12:35
  • 9k+

Türkiýäniň birnäýe welaýatlarynda uly tokaý ýangynlary bilen göreş dowam edýär. Ýangyn tokaý massiwlerini, ýaşaýyş zolaklaryny we oba hojalyk ýerlerini gurşap aldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Hususan-da, Bursa, Antalýa, Izmir, Bilejik welaýatlarynda, şeýle-de Uşak, Mersin we Diýarbakir sebitlerinde ýagdaý has çylşyrymly. Häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, ýangynyň merkezleriniň umumy sany 80-den geçdi. Käbir sebitlerde (mysal üçin, Türkiýäniň günortasyndaky Şirnak welaýatynda) temperatura 50,5 gradusdan ýokary boldy, bu bolsa ýurt üçin taryhy rekorddyr. Ýangynlaryň netijesinde uly weýrançylyk hasaba alyndy: 300-den gowrak jaý ýandy, 14 adam tebigy betbagtçylygyň pidasy boldy, olardan 11-isi halasgärler we tokaý gulluklarynyň işgärleri.  
Ýurduň demirgazyk-günbatarynda, Bursa sebitinde ýangyn, takmynan, 3 müň gektar meýdana ýaýrady, 1765 adam ewakuasiýa edildi. Bursa bilen Ankaranyň arasyndaky şosse ýekşenbe güni wagtlaýyn ýapyldy. Tokaý gullugynyň 25 müň töweregi işgäri, 132 müň meýletinçi, onlarça uçar we dikuçar gije-gündiz ýangynlary söndürmäge synanyşýar. Göreşe 27 uçar, 105 dikuçar, 6 müň töweregi ulag gatnaşýar.   
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň tokaýlary goramak üçin hemişe taýýardygyny belledi.

“Tomus möwsümi başlaly bäri biz ýurdumyzda alawlan 3062 ýangyn merkezini söndürdik. Ýaşyl Watanymyzyň dürli sebitlerindäki ýangynlary söndürmek boýunça dowam edýän işlerde men öz borjuny doly ýerine ýetirýän gahrymanlarymyza üstünlik arzuw edýärin” – diýip, Türkiýäniň lideri belledi.

Şenbe güni tokaý ýangyny hatda goňşy Gresiýadaky Afinanyň hem demirgazyk etegini gurşap aldy. Ýerli ýaşaýjylara ewakuasiýa edilmek tabşyryldy.


20.06.2026 14:57
7.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....