Serdar Berdimuhamedow doganlyk türk halkyny Respublika güni bilen gutlady

  • 29.10.2024 11:50
  • 5.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz berkitmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, taryhyň synagyndan geçen türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň bu gün baý tejribä eýedigini we syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýändigini nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy uzak möhletleýinlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini tassyklady.
Döwlet Baştutany Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Türkiýede Respublika güni her ýylyň 29-njy oktýabrynda bellenilýär. Ol 1923-nji ýylda Respublikanyň yglan edilmeginiň hormatyna baýram edilýär. Şol gün Türkiýäniň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizilip, Osman imperiýasyna derek Türkiýe döwleti döredilýär.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......