Serdar Berdimuhamedowa we Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýäniň TOGG kysymly elektrikli awtoulaglary sowgat berildi

  • 29.06.2023 12:17
  • 80k+

Şu gün, 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan «TOGG» kysymly elektrikli awtoulagy sowgat berdiler. Bu barada www.atavatan-turkmenistan.com saýty habar berýär.

Türkiýe Respublikasynda işlenip düzülen we öndürilen «TOGG» ady bilen meşhurlyk gazanan elektrikli ulag şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem sowgat berildi.
Türkiýäniň wekiliýet agzalary Türkmenistanyň Prezidentine awtoulaglaryň açarlaryny uly hormat bilen gowşurdylar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentine bu awtoulag barada maglumat berdiler.
«TOGG» kysymly awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik zawody 2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda açyldy. Şol açylyş dabarasynda Prezident Ärdogan ilkinji awtoulagy synag edip görüpdi. Elektrikli awtoulaglaryň her ýyl 177 müňüsi öndüriler. 2030-njy ýyla çenli önümçilik kuwwaty 1 milliona ýetiriler.
Awtoulaglar 2 görnüşde – 200 we 400 at güýjünde çykarylýar. Onuň iň kuwwatlysy 4,8 sekuntda sagatda 100 kilometrlik tizlige ýetip bilýär. Awtoulag bir gezeklik zarýad bilen 500 kilometr menzil geçip bilýär.
Mundan ozal, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan Özbegistanyň Prezidentine hem-de Azerbaýjanyň Prezidentine “TOGG” kysymly awtoulaglar sowgat edilipdi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......