Kriştianu Ronaldu "Altyn topy" ýalan diýip atlandyrdy

  • 09.08.2025 18:16
  • 23k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol klubunyň portagaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Altyn top» baýragyny guramaçylaryň adalatlylygyna şübhelenýändigini aýtdy.

«Meniň üçin bu galp», – diýip, futbolçy şu ýyl baýrak üçin iň esasy dalaşgärler barada berlen soraga jogap berdi. Onuň bu sözlerini portugaliýanyň Sport TV kanaly X sosial sahypasynda paýlaşdy.

Mundan ozal, France Football fransuz neşiri 2024/25 möwsüminiň iň gowy futbolçysy adyna dalaşgärleriň sanawyny çap etdi. 30 dalaşgäriň arasynda Fransiýanyň «Paris Sen-Žermen» klubundan birbada dokuz futbolçy bar.
Baýrak gowşurylyş dabarasy 22-nji sentýabrda Parižde geçiriler.
40 ýaşly Ronaldu karýerasynda bäş gezek «Altyn top» baýragyny aldy (2008, 2013, 2014, 2016 we 2017). Ronaldudan köp bu baýragy diňe Messi aldy. Argentinaly futbolçy sekiz gezek "Altyn topa" mynasyp boldy.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......