Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

  • 04.06.2026 23:46
  • 6.1k+

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary boýunça gozgalan işi ýapdy. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär.

Şikaýat arzasyny 2016-njy ýylda taslamalara 100 müň ýewro maýa goýan ozalky tennisçi Albert Ramos beripdi. Taslama şowsuz bolandan soň, ol maýa goýum töwekgelçilikleri we kärhanalaryň maliýe ýagdaýy barada ýalňyş ýola gönükdirilendigini mälim etdi.

Kazy, Laportanyň, klubuň wise-prezidenti Rafa Ýusteniň we ozalky direktor Hawýer Sala-i-Martiniň atlarynyň maýadarlary çekmek üçin ulanylandygyna subutnamalaryň ýokdugyny belläp, arzany bereniň delillerini ret etdi. Kararda taslamanyň hakykatdan hem bardygy, Ramosyň bolsa iki ýylyň dowamynda diwidend alyp durandygy bellenýär.

Kazynyň pikirine görä, kynçylyklar garaşylmadyk ýagdaýlar, ýagny «Reus Deportiu» klubunyň 2019-njy ýylda Professional futbol ligasyndan çykarylmagy we koronawirus pandemiýasynyň täsirleri sebäpli ýüze çykypdyr. Şeýle hem kazy maýadaryň taslamanyň ýagdaýy we tölegleriň gijikmeginiň sebäpleri barada maglumat bilen üpjün edilendigini görkezdi.

«Mundo Deportivo-nyň» maglumatlaryna görä, Ramosyň arzasyna garan kararyň şoňa meňzeş beýleki iki işiň garalyşyna täsir etmegi mümkin.


düýn 22:49
2.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......