Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy

  • 05.08.2025 14:21
  • 15k+

5-nji awgustda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylagy — “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglandy.

Sylaglamak dabarasy Awazada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde geçirildi. Ony Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky Permanyna laýyklykda, Şawkat Mirziýoýew bu ýokary sylaga türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy, iki halkyň arasynda dost-doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegi hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna goşan hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewiň strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan aýratyn tagallalaryny nygtap, onuň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna edýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi.


Öz gezeginde, Özbegistanyň Prezidenti ýokary döwlet sylagyna minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi:

— Bu sylagy kabul etmek meniň üçin uly hormatdyr. Muny Özbegistana bildirilen aýratyn hormatyň we Merkezi Aziýada dostluk, goňşuçylyk we ynamy pugtalandyrmak boýunça edýän bilelikdäki tagallalarymyzyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýärin — diýip, ol aýtdy.

Şawkat Mirziýoýew 2017-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparyny ýatlap, geçen ýyllarda iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigini, iri ykdysady we ynsanperwer taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, özara söwdanyň möçberiniň ep-esli artandygyny belledi. Şeýle-de, ol sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşandyny aýratyn nygtady.

"Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi biziň sebitde täze hyzmatdaşlyk modelini döretmekde gazanan bilelikdäki üstünliklerimizi ykrar edýär. Bu — sebitiň ähli doganlyk döwletleriniň gazanan netijesidir" — diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda Şawkat Mirziýoýew BMG-niň maslahatynyň hem-de şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara Sammitiň halklaryň ýakynlaşmagyna we dialogyň ösmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......