Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenistana geldi

  • 04.08.2025 14:20
  • 17k+

Eswatininiň Patyşasy Mswati III BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi hbar berýär.

Patyşa şäheriň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi wekilleri tarapyndan garşylandy.
Patyşa Mswati III-niň gatnaşmagyna aýratyn üns berilýär. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurt bolan Eswatini üçin logistika we halkara söwda meseleleri möhüm orny eýeleýär. Patyşanyň bu Halkara maslahata gatnaşmagy Eswatininiň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we durnukly ykdysady ösüşler üçin täze ýollary tapmak islegini görkezýär. Bu bolsa Patyşanyň saparyny diňe bir resmi waka däl, eýsem ýurduň dünýä derejesindäki ösüşlere has işjeň gatnaşmagy üçin möhüm ädimleriň birine öwürýär.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......