Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi we azerbaýjan halkyny taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady

  • 10.08.2025 23:51
  • 9.8k+

10-njy awgustda azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Ilham Aliýewiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan netijeleriň we gol çekilen resminamalaryň ähmiýeti bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyny we halkyny bu taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady. 
Prezident Ilham Aliýew ýakynda Awazada guralan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen türkmen tarapyny gutlap, Azerbaýjanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Awazada türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Söhbetdeşler üç ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça giňeltmek, hususan-da, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. 
Şeýle hem «Awaza» kongresler merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda şu ýylyň güýzünde Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bagly meselelere seredildi. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürüldi. 
Şeýle hem söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar. 
Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......